“Maňa ejizländir öýtme, ezizim!”Ogultäç Oraztaganowa

Maňa ejizländir öýtme, ezizim!

Ýaňy elli, ondanam bir ýaş bormy?!
Kän gördük biz didelerin ýaşlany,
Gözlerimden akyp gaýtsa ýaş bary,
Maňa ejizländir öýtme, ezizim!

Serden geçmen eger saýlanaýsamam,
Habarym ýetirin eglenäýsemem,
Käte birazajyk zeýrenäýsemem,
Maňa ejizländir öýtme, ezizim!

Suw daşamam bardy çelekläp ýapdan,
Durmuş kitabyny öwrendim ýatdan,
Menem adam, düşüp bilerin tapdan,
Maňa ejizländir öýtme, ezizim!

Çydarys biz ajy sözler «çaksa-da»,
Ürkmeris biz ýyldyrym kän çaksa-da,
Goşgym biraz gamly bolup çyksa-da,
Maňa ejizländir öýtme, ezizim!

One Reply to ““Maňa ejizländir öýtme, ezizim!”Ogultäç Oraztaganowa”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *