Myrat Ömür şahyr “Käbäm”

Käbäm

Gel sen dünýäm, sypa başym,
Mähriňe suwsadym, eje!
Çolarypdyr degre-daşym,
Mähriňe suwsadym, eje!

Hüwdilerňi diňläp, diňläp,
Ýürek sesim bilmen gizläp,
Söý meni ýene ezizläp,
Mähriňe suwsadym, eje!

Ýürek sygman gursagyma,
Käte-käte batýan gama,
Janym gurban, käbäm saňa,
Mähriňe suwsadym, eje!

Aýlanyp dünýäň ýüzüni,
Ýygaly sähraň gülüni,
Gel käbäm, görkez ýüzüňi,
Mähriňe suwsadym, eje!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *