Astanababa ýadygärligi

Lebap welaýatyndaky Astanababa ýadygärligi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi ýadygärligi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ymaratyň iň gadymy bölegi metjidir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi ýadygärligi toplumyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki, ähtimal, ilkinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir. Astanababa ýadygärligi hakynda birnäçe rowaýatlar bar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Züweýdalynyň ýerli dolandyryja durmuşa çykaran ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin aramgäh gurmagy  buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan belli ussalary çagyrypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden dikeldilen ymarat şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gaty gamgyn bolan Nur oglunyň düýşüne bir goja giripdir we ol bina Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen toprakdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen türbet gurlupdyr we Nur ogly aradan çykanynda ony hem şol ýerde, gyzynyň ýanynda jaýlapdyr”.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *