Düşümleriň taryhyndan

„Düşüm„ diýen düşünje öz köklerini gadymy döwürden alyp gaýdýar. Gadymy grek filosoflary hem düşümler barada ýazypdyrlar. Aristotel „Poetika„ atly eserinde düşümiň her bir sözüň üýtgemegindäki hyzmaty barada durup geçipdir.

Aristoteliň “Poetika” eseri

Aristoteliň pikirine görä, atlaryň, sanlaryň, sypatlaryň, çalyşmalaryň her bir üýtgemesi düşüm hasaplanypdyr. Aristoteliň pikiriçe, işlikler hem düşüm bilen üýtgäpdirler. Aristotel „düşüm„ sözüni „potetes„ ýagny, düşmek sözünden hasaplaýar. Gadymy grek, latyn dillerinde atlaryň 8 düşümi bolup, soňabaka olar 6 düşüme gelipdir. Bu ýagdaýy biri-birine ýakyn bolan düşümleriň birleşmegi bilen düşündirmek bolar. XVI asyrda latyn dillerinden peýdalanan slawýanlarda  5 düşüm bolupdyr. Ine, olar: prawa, rodna, winowna, datelna, zwatelna. 1596-njy ýylda Lawrentiý Lizani tarapyndan tworitelnyý padež girizilip, düşümleriň sany 6-a ýetirilipdir. Dünýä dillerinde düşümleriň sany dürli-dürlüdir. Mysal üçin, latyn dilinde 6, eston dilinde 15, arap dilinde 3, tabasaran dilinde 52 düşüm bardyr. Türki dillerde düşümler VI-VIII asyrlardaky ýazuw ýadygärliklerinde has kämilleşen görnüşde duş gelýär. Türki dillerde düşümler dürli hili atlandyrylýar, özbekçe – keliçik; azerbaýjança, türkçe – hal; garagalpakça – sepleu; gazakça – septeu; çuwaşça, ýakutça, gumukça – padež; tatarça, bagyrtça – kileş. Biziň türkmen dilimizde „düşüm„ adalgasy ilkinji gezek M.Geldiýew we G.Alparow tarapyndan ýazylan „ Türkmen diliniň grammatikasy „ (Aşgabat, 1929) atly kitabynda berilýär. Bu işde türkmen dilinde bar bolan 6 düşümden başga ýedinji düşüm, ýagny –ça, -çe, -nça, -nçe goşulmalary bilen ýasalýan deňeşdirme düşümi hem berilýär.

rkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Pygam Azymow (türkmen diliniň praktiki meselelerini işläp düzmeklige aýratyn uly goşant goşan)

Bu goşulmalar barada professor P.Azymow „ Türkmen dili (söz ýasaýjy goşulmalar)„ diýen işinde şeýle belleýär: „Häzir bolsa bular deňeşdirme-meňzetme hallary rolunda getirilýärler„. Şonuň üçinem häzirki türkmen dilinde 6 düşüm ulanylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *