Interaktiw tagta

Interaktiw tagta „inter„ – „içki„ we „aktiw„ – „işjeňlik„ diýmekdir. Interaktiw tagta tilsimatlar dünýäsine 1991-nji ýylda aralaşýar. Ony „Smart Technologies„ şereketi öndürdi. Ýaş nesle berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ilkinji nobatda çagalar baglaryna, orta we ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyryldy we ornaşdyrylýar. Mugallymyň öz iş stolundaky kompýutere çatmak bilen, proýektor arkaly şekilleri aýdyň şöhlelendirýär. Kompýuterdäki „syçanjygyň„ hyzmatyny bolsa elektron galam ýerine ýetirýär. Mugallymlar we okuwçylar interaktiw tagtany elektron galam bilen dolandyrýarlar. Interaktiw tagta multimedia tagtasy hem diýýärler. Multimedia diýen söz „multi„ – „köp„ we „media„ – „gurşaw, göteriji, habar beriji serişde„ ýaly manylary berýär. Alymlaryň gelen netijesine görä, adamlar eşiden zatlarynyň 25 göterimini, gören zatlarynyň 50 göterimini ýadynda saklaýarlar, interaktiw tagtada bolsa bularyň ikiside (habar bermek we görkezmek) bardyr.

Elektron galam

Elektron galam hiç hili iýmitlendiriş çeşmesine mätäç däldir. Interaktiw tagtanyň 31 dilde işlemek mümkinçiligi hem bardyr. Elektron galam bolsa 1 santimetre 1000 çyzyk ýerleşdirip bilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *