Ilkinji stepler

Ilkinji stepler

Ilkinji stepler XVIII asyrda Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin niýetlenip ýasalýar. Fransuz koroly Lýudowik XV stepleri ilkinji bolup ulanan adam hasaplanýar. Stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlamagy bilen, ol diňe şalar, hökümdarlar üçin däl, eýsem her bir edaralarda hem gerekli zada öwrülipdir.

Jorj Makgil

1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin tassyknama alýar. „Stepler„ sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girýär. Şoňa çenli ony „berkidiji„ diýip atlandyrypdyrlar. 1914-nji ýylda bu enjam  ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. Şonda oňa „stepler„ diýen ady beripdirler. 500 adamdan ybarat iş edaralaryna bir stepler ýeterlik hasaplanypdyr. 1923-nji ýylda „Boston Wire Stitcher Co„ şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr we uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Birnäçe sahypany berkitmek üçin stepler

Häzirki wagtda stepleriň ululy-kiçili dürli görnüşleri bardyr. Onuň iň ululary 250 sahypany berkitmäge niýetlenendir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *